Çylşyrymly senagat zerurlyklary üçin doly çözgüt mümkinçilikleri
Akymyň durnuklylygyny üpjün etmek we turbageçiriji ulgamynyň bitewüligini dolandyrmak
Akymyň durnuklylygyny üpjün etmek, uglewodorodlaryň üznüksiz we netijeli akdyrylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Biz turbalaryň işleýşine päsgelçilik...
Halkara söwda we üpjünçilik
Enjamlar we materiallar bilen ygtybarly üpjün etmek we olary öz wagtynda getirmek nebit-gaz pudagynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Biz öz müşderilerim...
Zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy çygrynda strategiýa
Zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy we ekologiýa çygrynda strategiýa (HSE) – bu diňe bir kada bolaman, eýsem nebit-gaz pudagynyň durnukly ösüşiniň es...
Prosesi awtomatlaşdyrmak we dolandyryş ulgamlaryny integrirlemek
Häzirki zaman şertlerinde nebit-gaz pudagynda awtomatlaşdyrmak we iş ýöredişi dolandyrmak öndürijiligi ýokarlandyrmakda, howpsuzlykda we tygşytlamakd...
Buraw enjamlary abatlamak we nebit känlerinde goldaw
Buraw enjamlaryň üznüksiz işlemegi nebit gaz amallary üçin möhümdir. Biziň tehniki taýdan we önümçilik meýdanynda ýardam etmek hyzmatlarymyz — kompres...
Elektrotehniki we energetiki taslamalary taýýarlamak
Uzak, howply we çylşyrymly şertlerde energiýa ulgamlary diňe bir ygtybarly bolmaly däl, eýsem takyk we kadalara laýyk taýýarlanmalydyr. Biziň elektrik...
Nebit ýataklarynyň ösüşine ýardam edýän güýç
"Mert Ýörelge" Hususy Kärhanasy — Türkmenistanyň nebit we nebithimiýa pudagynda ynamdar hyzmatdaşy bolup, on ýyldan gowrak wagt bäri möhüm ugurlarda ýokary öndürijlikli çözgütleri hödürläp gelýär. Biziň tejribämiz energiýa pudagyndaky amallary takyklyk, howpsuzlyk we uzak möhletleýin gymmatlyk bilen üpjün edýän giň görnüşli senagat hyzmatlaryny öz içine alýar.
Biz nebit känleriniň himiki serişdeleri, elektroinženerçilik we senagat energiýa çözgütleriniň üpjünçiligi boýunça ýöriteleşýäris. Müşderilerimize ygtybarly we tehniki taýdan kämil goldaw berýäris. Şeýle hem, göteriji enjamlar, gurallar we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň hyzmaty hem-de çylşyrymly ýagdaýlarda öndürijilikli we howpsuz işlenilmegi HSE (Saglyk, Howpsuzlyk we Ekologiýa) düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlary hödürleýäris.
Işgärler syýasatynda, halkara söwda we logistika çygrynda berk gorumyz bolup, biz öz hyzmatdaşlarymyza meýilnamalaşdyrmakdan we satyn almakdan başlap, meýilnamany durmuşa geçirmeklige we satyn alnan zatlary getirmeklige çenli her bir tapgyrda ýardam edýäris.
Inženerlerden, tehniklerden we hünärmenlerden ybarat tejribeli toparymyz hil, dogruçyllyk we netijelilik ýörelgelerine eýerýär. Mert Ýörelgede biz diňe garaşylyan netijäni däl — ondan hem gowusyny bermäge çalyşýarys.

Biziň işimiz halkara standartlaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär we barlagdan geçen tejribeler esasynda emele gelýär.
Talaplaryň seljerilmesi
Biz işimize müşderiniň tehniki, işewür we kadalaşdyryjy talaplaryny doly düşünmek bilen başlaýarys. Bu bolsa ýerine (meýdana) baha bermek, tehniki görkezmeleri gözden geçirmek we töwekgelçilikleri seljermek ýaly işleri öz içine alýar.
Tehniki meýilnamalaşdyryş we iş gerimini kesgitlemek
Biziň inženerlerimiz iş gerimini, serişdeleri, howpsuzlyk düzgünlerini we pudagyň standartlaryna laýyk gelýän görkezijileri öz içine alýan ýerine ýetiriş meýilnamasyny taýýarlaýarlar.
Satyn almak we gurnamak
Biz halkara üpjünçilik ulgamymyz arkaly sertifikatlaşdyrylan enjamlar, materiallar we işgärleri satyn alýarys we meýdanda işlere girişmek üçin doly logistiki goldaw bilen taýýarlyk görýäris.
Ýerinde gurnamak işleri
Biziň meýdan toparlarymyz hil gözegçiligi, ulgamyň bitewüligi we HSE proseduralaryna berk eýermek bilen işleriň ýerine ýetirilmegine üns berýär — bu bolsa töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýär.
Barlag we hil kepilligi
Her bir iş içki QA/QC barlaglaryndan geçirilýär we degişli resminamalar taýýarlanýar. Zerur ýagdaýynda biz üçünji tarap barlaglaryny hem guraýarys we doly laýyklyk hasabatyny hödürleýäris.
Taslamany tabşyrmak we goldaw hyzmatlary
Taslama üstünlikli ýerine ýetirileninden soň, biz tehniki resminamalary, müşderä resmi tabşyryş işlerini hem-de islege baglylykda taslamadan soňky goldaw hyzmatlaryny üpjün edýäris — bu bolsa geçiş döwrüniň ýönekeý bolmagyny we uzak möhletleýin ygtybarlylygy üpjün edýär.