Biz barada

image
image
Biz barada

Mert Ýörelge — nebit we nebithimiýa pudaklarynda ynamdar hyzmatdaşyňyz.

Biz energetika pudagyndaky meseleleri takyklyk we täzeçillik bilen çözýäris. Ösüşiň merkezinde durup, geljegi üpjün edýän pudaklara köpugurly goldaw berýäris.

Baý tejribä, birek-birege ynanmaklyga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga esaslanýan ynamly nebit we nebithimiýa çözgütlerini hödür edýäris.Biziň maksadymyz ýönekeý: energiýa çygrynda çözgüt gerek bolan ýerde, ýardam edip biljek topar bolmak.

Hyzmatlar

Her bir mesele üçin dogry çözgüt

Nebit, nebit-himiýa we senagat pudaklary üçin tehniki, inženerçilik we üpjünçilik hyzmatlaryny hödürleýäris.

Himiki serişdeleriň ulanylyşy we nebitgaz pudagynda işlemegiň tehnologiýasy

Nebit-gaz pudagynda himiýa işleriniň ygtybarly we durnukly işlemeginde möhüm orna eýedir. Biz her ýatagyň poslama, parafin gatlaklary ýa-da mikroorgan...

Elektrotehniki we energetiki taslamalary taýýarlamak

Uzak, howply we çylşyrymly şertlerde energiýa ulgamlary diňe bir ygtybarly bolmaly däl, eýsem takyk we kadalara laýyk taýýarlanmalydyr. Biziň elektrik...

Buraw enjamlary abatlamak we nebit känlerinde goldaw

Buraw enjamlaryň üznüksiz işlemegi nebit gaz amallary üçin möhümdir. Biziň tehniki taýdan we önümçilik meýdanynda ýardam etmek hyzmatlarymyz — kompres...

Prosesi awtomatlaşdyrmak we dolandyryş ulgamlaryny integrirlemek

Häzirki zaman şertlerinde nebit-gaz pudagynda awtomatlaşdyrmak we iş ýöredişi dolandyrmak öndürijiligi ýokarlandyrmakda, howpsuzlykda we tygşytlamakd...

Zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy çygrynda strategiýa

Zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy we ekologiýa çygrynda strategiýa (HSE) – bu diňe bir kada bolaman, eýsem nebit-gaz pudagynyň durnukly ösüşiniň es...

Halkara söwda we üpjünçilik

Enjamlar we materiallar bilen ygtybarly üpjün etmek we olary öz wagtynda getirmek nebit-gaz pudagynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Biz öz müşderilerim...

Akymyň durnuklylygyny üpjün etmek we turbageçiriji ulgamynyň bitewüligini dolandyrmak

Akymyň durnuklylygyny üpjün etmek, uglewodorodlaryň üznüksiz we netijeli akdyrylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Biz turbalaryň işleýşine päsgelçilik...

Iş prosesi

Biziň işimiz halkara standartlaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär we barlagdan geçen tejribeler esasynda emele gelýär.

01
Talaplaryň seljerilmesi

Biz işimize müşderiniň tehniki, işewür we kadalaşdyryjy talaplaryny doly düşünmek bilen başlaýarys. Bu bolsa ýerine (meýdana) baha bermek, tehniki görkezmeleri gözden geçirmek we töwekgelçilikleri seljermek ýaly işleri öz içine alýar.

02
Tehniki meýilnamalaşdyryş we iş gerimini kesgitlemek

Biziň inženerlerimiz iş gerimini, serişdeleri, howpsuzlyk düzgünlerini we pudagyň standartlaryna laýyk gelýän görkezijileri öz içine alýan ýerine ýetiriş meýilnamasyny taýýarlaýarlar.

03
Satyn almak we gurnamak

Biz halkara üpjünçilik ulgamymyz arkaly sertifikatlaşdyrylan enjamlar, materiallar we işgärleri satyn alýarys we meýdanda işlere girişmek üçin doly logistiki goldaw bilen taýýarlyk görýäris.

04
Ýerinde gurnamak işleri

Biziň meýdan toparlarymyz hil gözegçiligi, ulgamyň bitewüligi we HSE proseduralaryna berk eýermek bilen işleriň ýerine ýetirilmegine üns berýär — bu bolsa töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýär.

05
Barlag we hil kepilligi

Her bir iş içki QA/QC barlaglaryndan geçirilýär we degişli resminamalar taýýarlanýar. Zerur ýagdaýynda biz üçünji tarap barlaglaryny hem guraýarys we doly laýyklyk hasabatyny hödürleýäris.

06
Taslamany tabşyrmak we goldaw hyzmatlary

Taslama üstünlikli ýerine ýetirileninden soň, biz tehniki resminamalary, müşderä resmi tabşyryş işlerini hem-de islege baglylykda taslamadan soňky goldaw hyzmatlaryny üpjün edýäris — bu bolsa geçiş döwrüniň ýönekeý bolmagyny we uzak möhletleýin ygtybarlylygy üpjün edýär.

image