Hyzmat

image

Elektrotehniki we energetiki taslamalary taýýarlamak

Uzak, howply we çylşyrymly şertlerde energiýa ulgamlary diňe bir ygtybarly bolmaly däl, eýsem takyk we kadalara laýyk taýýarlanmalydyr. Biziň elektrik we energiýa inženerçilik toparymyz hut şu maksada hyzmat edýär. Biz nebit känlerinde, senagat pudagynyň obýektlerinde infrastrukturaly meýdanlarda taslamalary taýýarlamak, montaž işleri, energoulgamyna hyzmat etmek ýaly çözgütleri teklip edýäris.

Ilki bilen, biziň hünärmenlerimiz müşderiniň meýdan şertlerini, tehniki zerurlyklaryny we daşky gurşaw töwekgelçiliklerini öwrenýärler. Şol maglumatlar esasynda biz ýörite müşderä niýetlenen IEC we API ýaly halkara standartlaryna laýyk energiýa ulgamyny ýerleşdirmegiň çözgütlerini işläp taýýarlaýarys. Siz podstansiýa dizaýnymy, hereketlendiriji dolandyryş ulgamlarymy ýa-da ýagtylandyryş we gorag ulgamlary gerek bolsa, biz her bir işe tejribeli çemeleşýäris.

Biz diňe bir taslamalary taýýarlaman eýsem, olary durmuşa hem geçirýäris. Biziň hünärmenlerimiz montaž işleri, enjamlary işe girizmek ýaly işleri barmasy kyn bolan ýerlerde we howply zonalarada hem alyp barýar. Ulgamlar işe girizilenden soň, biz tehniki hyzmat etmek, öňüni alyş barlaglaryny geçirmek we ýüze çykan kemçilikleri aradan aýyrmak ýaly hyzmatlary etmekligi dowam edýäris.

Biziň güýçli taraplarymyzyň biri — tehniki taýdan kämilligiň ykdysady taýdan netijeliligiň özara utgaşdyrylmasy. Biz ähli milli we halkara kadalary berjaý etmek bilen energiýa ýitgilerini azaltmakda, ulgamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda we enjamlaryň üznüksiz işiniň möhletini uzaltmakda ýardam edýäris.

Biz bilen hyzmatdaşlyk edýänlar diňe bir taslamalary almak bilen çäklenmän, eýsem meýdan şertlerinde energiýa ulgamlarynyň işleýşini bilýän we siziň ulgamyňyzyň zerur ýerde işlemigini üpjün edýän hyzmatdaşy edinýärsiňiz.